NATO Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji sebitdäki Tomusky mekdebine goldaw berýär

  • 03 Jun. 2015 - 07 June 2015
  • |
  • Last updated 23-Jun-2015 14:42

7-nji iýunda Gyrgyzystanda Yssyk-kölüň kenarýakasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystanyň we Mongoliýanyň ýaş diplomatlary üçin ilkinji sebitdäki Tomusky mekdebi açyldy. On günlük okuwyň mowzugy – “XXI asyryň diplomatiýasy: Merkezi Aziýa globallaşdyrma kontekstinde”.

Çärä Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 22 wekili gatnaşdy. Ähli gatnaşyjylar diplomatiýada, halkara gatnaşyklarynda, ykdysadyýetde, howpsuzlykda, hukukda we syýasaty öwrenişde iş tejribesi bar bolan, birinji sekretardan pes bolan derejedäki dalaşgärleriň sanyndan bäsleşik esasda saýlanyp alyndy.

Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa akademiýasynyň rektory Nurlan Aýtmurzaýew açylyşa başlyklyk etdi, NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara täsir boýunça işgäri Aleksandr Winnikow bolsa NATO-nyň Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky hyzmatdaşlar bilen özara täsir baradaky nutugy bilen çykyş etdi. Açylyşa beýleki çykyş edenleriň arasynda BMG-nyň Gyrgyzystandaky rezident-utgaşdyryjysy Aleksandr Awanesow, Bişkekde Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Merkeziniň baştutany Sergeý Kapinos, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ilçileri, şeýle hem Mongoliýanyň baş konsuly hem gatnaşdylar.

Okuwyň barşynda ýokary wezipeli adamlar, ilçiler, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we ylmy bilermenler diňleýjilere leksiýalary okadylar we okuwlary geçdiler. Diňleýjileriň NATO-nyň wekillerinden Demirgazyk Atlantika birleşigi we onuň hyzmatdaşlyklary barada alan bilimlere goşmaça olara Bütindünýä bankynyň wezipeli adamaryndan halkara ösüşi barada; BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) wezipeli adamlaryndan dawa-jenjelleriň öňüni almak we çökgünligi düzgünleşdirmek barada; Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekillerinden sebitdäki howpsuzlyk çagyryşlary we Fergan jülgesi barada; ABŞ-nyň ilçihanasynyň we ABŞ-nyň halkara ösüş baradaky agentliginiň (ABŞ HÖA) işgärlerinden Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi Aziýadaky daşary syýasaty we “Täze ýüpek ýoly” başlangyjy barada; Moskwanyň Döwley halkara gatnaşyklar institutynyň we Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň wekillerinden Merkezi Aziýada sebitdäki taslamalary we integrasion prosesleri barada; we Fransiýadan hem Estoniýadan gelen bilermenlerden Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada, şeýle hem gepleşikler we dialog barada eşitmek mümkinçiligi berildi.

Beýleki sebitlerde, şol sanda Balkanlarda şular ýaly diplomatik tomusky mekdepleriniň tejribesine daýanyp, şu okuw sebitdäki hyzmatdaşlyk üçin we daşary syýasatyndaky hünärmenleriň arasynda aragatnaşyklary ýola goýmak üçin zerur platformasyny hödürläp, endikleri ýokarlandyrýan her ýyllyk çäresi bolar.

Çäre NATO-nyň Jemgyýetçilik diplomatiýa müdirliginiň, NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara täsir boýunça işgäriniň edarasynyň, Gyrgyzystanda BMGÖM-yň we Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bişkekdäki Merkeziniň bilelikdäki goldaw bermeginde Gyrgyzystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ýanyndaky diplomatiýa akademiýasy tarapyndan guraldy.

Gyrgyzystan häkimiýetleri bilen dialogyň dowam etdirilmegi

Saparyň barşynda NATO-nyň aragatnaşyk we özara täsir boýunça işgäri NATO-nyň Bişkekde akkreditasiýa edilen ýurtlarynyň ilçihanalary bilen, şeýle hem BMGÖM-yň, Merkezi Aziýada Ýokary komissaryň adamyň hukuklary baradaky müdirliginiň (BMG ÝKAHM) sebitdäki bölüminiň wekilleri, Ýewropa bileleşiginiň wekiliýeti we Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Bişkekdäki Merkeziniň wekilleri bilen özara gyzyklandyrma bildirilýän we Gyrgyzystana hem tutuş sebite degişli bolan mowzuklary ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdy.

Mundan başga-da, jenap Winnikow Goranmak Geňeşiniň sekretarynyň birinji orunbasary, Daşary işler ministriniň orunbasary Erines Otorbaýew we Daşary işler baradaky parlament komitetiniň başlygy Kanybek Imanaliýew bilen duşuşyklary geçirdi. Jenap Winnikowyň öňki saparlarynyň dowamynda başlanan ara alyp maslahatlaşmalar NATO-nyň “Parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň çäklerindäki iki taraplaýyn hyzmatdaşlyga, Gyrgyzystanda NATO-nyň bar bolan taslamalaryny ösdürmeklige we geljekki taslamalaryny işläp düzmeklige, şeýle hem umumy gyzyklandyrma bildirilýän sebitdäki howpsuzlyk meselelerine, şol sanda Owganystandaky, Ýakyn Gündogardaky we  Ukrainadaky ýagdaýyna gönükdirildi.

Mundan başga-da,  NATO-nyň aragatnaşyk we özara täsir boýunça işgäri hereket edýän harby gullukçylary üçin ýaňy-ýakynda açylan NATO-Gyrgyzystan iňlis dilini okatmak boýunça maksatnamasyna baryp gördi, şol ýerde ol okuwa gatnaşyjylar we mugallymlar bilen dialogy geçirdi. Şol hepdäniň dowamynda NATO-nyň aragatnaşyk we özara täsir boýunça işgäriniň edarasy Bişkekdäki “Manas” Gyrgyz-türk uniwersitetinde “Merkezi Aziýada syýasat we halkara gatnaşyklary” atly bilermenleriň sebitdäki maslahatyna goldaw berdi we oňa gatnaşdy.