NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we arkalaşyk boýunça täze işgäri, Täjigistana we Türkmenistana barýar
Özüniň Merkezi Aziýada tanyşmaklyk saparlarynyň çäginde, Rozariýa Pulizi, Türkmenistanyň we Täjigistanyň paýtagtlaryna, NATO we şu ýurtlaryň arasyndaky häzirki işler barada we 2016-njy ýylda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça mümkinçilikler barada gepleşiklere gatnaşmak üçin bardy.
Dekabr aýynyň 9-na we 10-na Duşanbeda (Täjigistan) “Ylym asudalyk we howpsyzlyk üçin”(YAHÜ) atly programmanyň Habar beriş güni geçdi. NATO, döwlet dolandyryş Akademiýasy we daşary işler ministrligi bilen bilelikde gurnalan çäre, ylym pudagynda we ylmy barlag işlerinde geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gürrüňdeşlik, platforma hökmünde hyzmat etdi. Döwlet serhetlerinde goragy gurnamak we terrorizma garşy göreş, konferensiýadaky gürrüň edilen soraglaryň iň ähmiýetlisi boldy, oňa ylmy işgärler hem-de tejribeli hünärmenler gatnaşdylar.
“YAHÜ – NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna teklip edip biljek, praktiki hyzmatdaşlygyň ajaýyp mysaly”, - diýip, NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we arkalaşyk boýunça işgäri, belläp geçdi. Daşary işler ministrligiň we goranmak ministrligiň wekilleri bilen duşuşygyň dowamynda, ol häzirki iş ýagdaýa baha bermek mümkinçilikden we NATO bilen Özbaşdak partnýorçylyk we
Aşgabatda (Türkmenistan) ýanwar aýynyň 13-den 15-ne çenli, hanym Pulizi, daşary işler ministriniň orunbasary Batyr Niýazliýew we goranmak ministrliginiň wekilleri bilen birlikde, NATO bilen hyzmatdaşlyk boýunça potensial pudaklary gürrüň etdi. Türkmenistan öz bitaraplyk statusyna wepalylygyny saklap, şonuň bilen birlikde, NATO-nyň jemgyýetçilik diplomatiýa ugurynda öň birnäçe çäre geçirdi we hyzmatdaşlyk çäklerini giňeltmekde gyzyklanan, hususan hem NATO we ylymlar Akademiýasy arasynda, daşary işler ministrligiň halkara aragatnaşyklar Instituty we gumanitar ylymlaryň hem ösüşiň Halkara uniwersiteti arasynda.