Türkmenistan we NATO sebitdäki parahatçylyk we durnuklylyk meseleleri boýunça forumy geçirýärler

  • 02 Mar. 2015 - 03 March 2015
  • |
  • Last updated 16-Mar-2015 09:43

2015-nji ýylyň 2-nji martyndan 3-nji martyna çenli aralykda Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan gelen bilermenler NATO-nyň maliýe goldaw bermeginde guralan “Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylyk we durnuklylyk: bitarap Türkmenistandan garaýyş” atly sebitdäki maslahata gatnaşmak üçin Aşgabatda ýygnandylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen NATO-nyň Merkezi Aziýa ýutlary bilen aragatnaşyk we özara täsir  boýunça işgäriniň býurosy tarapyndan bilelikde guralan şu ýokary derejedäki çäräniň Türkmenistan bilen Demirgazyk Atlantika birleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk taryhynda nusgasy ýok.

Maslahat NATO-nyň maliýe goldawyny bermeginde Merkezi Aziýada hyzmatdaş döwletlerinde geçirilýän we “Parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň tapgyrynda dördünji boldy. Mundan başga-da, maslahat Türkmenistanda BMG-nyň Baş Assambleýasynyň ýurduň bitaraplygyny ykrar etmek baradaky rezolýusiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň resmi maksatnamasyna goşuldy.

Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew açdy, NATO-nyň Kawkaz se Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň Ýörite wekili Jeýms Appaturaý NATO-nyň ştab-kwartirasyndan wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyjylara ýüzlendi.

Türkmen tarapyndan maslahatyň işine dürli edaralardan, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden, Goranmak ministrliginden, Içeri işler ministrliginden, Baş prokuraturasyndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyndan, Halkara gatnaşyklar institutyndan we Halkara ynsanperwerlik ylymlar institutyndan wezipeli adamlar we bilermenler gatnaşdylar.

Şeýle hem maslahata Owganystandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen bilermenler, şeýle hem Merkezi Aziýa üçin Sebitdäki prewentiw diplomatiýa merkeziniň, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň hem Ýewropda Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň wekilleri çykyş etdiler.

Sebitdäki howpsuzlyk meselelerine garaýyşlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili ilçi Sapar Berdinyýazow Aşgabadyň bitaraplyk derejesini we transparent daşky hem goranma syýasatyny nygtady we olaryň ýurda goňşylaryň ynamyna eýe bolmaga kömek edendigini hem oňa dawa-jenjelleriň öňüni almaga we çözmäge ýardam berýändigini yglan etdi. Mundan başga-da, ol “Aziýanyň ýüregi” prosesiniň/ Stambul prosesiniň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda Türkmenistan tarapyndan goňşy Owganystana edilýän durnuklaşdyrma goldawy barada ýatlatdy.

Doktor Şahrbanu Tajbahş (Parižde Syýasy barlaglar institutynyň professory we Norwegiýanyň Oslo şäherinde Dünýä meseleleriniň barlaglar institutynyň ylmy işgäri) ähli  ýurtlaryň şular ýaly howplara duçar bolýandygyny nygtady. Emma olaryň şu howplara garşy täsir etmek üçin ulanýan serişdeleri dürli bolup durýar, olaryň netijeliligi bolsa jedellidir. “Hyzmatdaşlygy amala aşyrmaklyk hakyky bolardy, emma Merkezi Aziýada ol kämillikden uzakdadyr”, diýip ol aýtdy.

Doktor Ulugbek Hasanow (Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň dosenti, Özbegistan) hem Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda sebitdäki hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin çykyş edip, “Biziň hemmämiz sebitde hiç bir döwletiň özbaşdak garşy çykyp bilmejek döwlete dahylsyz howplara duçar gelýäris” diýip nygtady.

Doktor Kuralaý Baýzakowa (Gazagystanyň al-Farabi adyndaky milli uniwersitetiniň professory, Gazagystan) “Merkezi Aziýanyň dürli döwletlerinde umumy howplaryň wajyplygynyň derejesi dürli kabul edilýär” diýip nygtady. Ol, mysal üçin, Merkezi Aziýada ýakynlaşma faktory bolup biljek suw serişdelerinden bilelikde peýdalanmak üçin täze sebitdäki mehanizmleriniň işlenilip düzülmegi üçin çykyş etdi.

Elnura Omurkulowa-Ozerska (Milli strategiki barlaglar institutynyň ylmy işgäri, Gyrgyzystan) käbir ýurtlar tarapyndan kabul edilen berk syýasy çäreleriniň kontrproduktiw bolup biljekdigini duýduryp, radikalizasiýadan gelip çykýan Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy üçin ösýän howpy belläp gçdi.

Bahtiýor Rahmonow, Täjigistandan garaşsyz bilermen, Täjigistandaky raýat urşunda garşy göreşýän taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň üçünji raundy geçirilen (1992-1997 ýý.) we dawa-jenjeli tamamlamaklyga “gymmatly goşandy” goşan ilkinji platforma hökmünde Türkmenistanyň orny barada ýatlatdy. Mundan başga-da, ol halkara bileleşiginiň Täjigistanyň Owganystan bilen umumy serhediniň howpsuzlygyny berkitmekde oňa ýardam berjekdigine umyt edýändigini aýtdy.

Harun Mir (Ylmy-syýasy barlaglar merkeziniň direktory, Owganystan) häzirki wagtda demokratik döwlet bolup durýan we sözüň azatlygyndan peýdalanýan  öz ýurdunda halkara bileleşiginiň ägirt uly goşandyna ýokary baha berdi. Ol 2015-nji ýylyň Owganystanyň milli howpsuzlyk güýçleriniň tutuş ýurtda howpsuzlygy üpjün etmek ukyplygynyň iň wajyp synagy boljakdygyny aýtdy, şunda, ol milli dostlaşyk üçin mümkinçiligi nygtap geçdi we üstümizdäki ýylda biziň owgan dünýä prosesinde ösüşiň bolmagynyň şaýatlary boljakdygymyzy belledi.

NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we özara täsir boýunça işgäri Aleksandr Winnikow NATO-nyň Merkezi Aziýa hyzmatdaşlary bilen hemişelik özara täsiri we Owganystana sezewarlygy barada aýdyp geçdi. NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky ISAF amalynyň 2014-nji ýylyň dekabrynda tamamlanandygyna garamazdan, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Uelsdäki ýokary gatlaklarynda NATO duşuşygynda bellenilişi ýaly, owgan güýçleriniň we howpsuzlyk institutlarynyň mundan beýläk ösdürilmegine we Owganystan bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine edilýän goldaw bermeklik dowam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar radikalizasiýadan we Yrak Islam döwletinden hem Lewantdan (YIDL) gelip çykýan howp; Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda serhetler we energiýa çeşmeleri bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gyzgalaň gatnaşyklary; neşe serişdeleriniň we olaryň netijeli çözgüdiniň wajyplylyk meseleleri; we howpsuzlyk bilen baglanyşykly beýleki çagyryşlar, şol sanda Ukrainada ýaňy ýakynda bolup geçen wakalar hem olar bilen baglanyşykly “maglumatlar urşy”, zähmet migrasiýasy we Russiýadaky ykdysady krizisiň Merkezi Aziýa edýän täsiri baradaky pikirleri alyşdylar.      

Köpçülikleýin maglumat beriş serişdelerindäki materiallara salgylanmalar

Iňlis dilinde:

Türkmen dilinde:

Rus dilinde: