NATO-nyň Türkmenistan bilen aragatnaşyklary
NATO-nyň Türkmenistan bilen aragatnaşyklaryna “Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk” maksatnamanyň çäklerinde seretmeli. Türkmenistan bu maksatnama 1994-nji ýylda goşulypdy. Türkmenistan hemişelik bitaraplyk syýasatyny berjaý edip, öz ýaragly güýçlerini we infrastruktura desgalaryny NATO-nyň baştutanlygynda amala aşyrylýan operasiýalarynda ulanmaga bermeýär.
Emma, NATO bilen Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmek, ylym we daşky gurşaw bilen bagly hem-de beýleki ugurlar boýunça işeňňir hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar. NATO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasy Özbaşdak Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynda (ÖHM) beýan edilýär.
Hyzmatdaşlyk tejribede nähili amala aşyrylýar?
Gepleşik ýewro-atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (EAHG) çäklerinde geçirilýär. NATO-nyň Baş sekretarynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Robert F. Simmons Türkmenistana wagtly-wagtynda sapara barmak arkaly ýurduň häkimiýeti bilen ýokary derejedäki syýasy gepleşikleri alyp barýar. Şeýle hem, NATO-nyň Merkezi Aziýadaky Aragatnaşyk we Arkalaşyk boýunça işgäri-de wagtly-wagtynda Aşgabada gelýär we hökümet bilen hyzmatdaşlygy gözden geçirýär.
NATO bilen Türkmenistan ýurduň Özbaşdak Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyndan (ÖHM) ugur alyp dürli ugurlardaky amaly hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Türkmenistanyň NATO bilen hyzmatdaşlygy Türkmen wekillerini NATO-nyň we Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk (PüH) maksatnamasynyň meseleleri bilen tanyşdyrmaga hem-de serhet gözegçiligi we howpsuzlyk, raýatlyk adatdan daşary meýilnamalaşdyryş, goranmak býujetini döretmek we goranma bölümlerini dolandyrmak işleri boýunça arkalaşygy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistan Russiýa-NATO Geňeşiniň Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň kadrlaryny neşebentlige garşy göreş tärlerini öwretmek boýunça synag taslamasyna hem işeňňir gatnaşýar.
Aşakda Türkmenistan-NATO hyzmatdaşlygynyň aýgytlaýjy ugurlary görkezilýär.
Howpsuzlyk ugrundaky hyzmatdaşlyk
Türkmenistan baky bitaraplyk syýasatyndan ugur alyp, öz ýaragly güýçlerini we infrastruktura desgalaryny NATO-nyň baştutanlygynda amala aşyrylýan opersiýalarda ulanmaga bermeýär. Emma, Türkmenistan tebigy betbagtçylyk, gumanitar hem-de gözleg we halas etme bilen bagly operasiýalara bir gezeklik esasda gatnaşmaga taýýardyr.
Türkmenistanyň ýaragly güýçleriniň resmi wekilleri NATO-nyň Germaniýanyň Oberammergaudaky Mekdebinde we beýleki ýerlerdäki NATO tarapyndan gurnalýan dürli okuwlaryna gatnaşdylar. Olaryň maksatnamasyna: ýaraglandyrma gözegçilik etmek, ýaragsyzlandyrma we ýaýratmazlyk, ýaragly dawalaryň hukugy, hem-de serkerdeleri terrorçylyga garşy göreşmeginiň usullary, kontrabanda söwdasynyň meseleleri, serhet gözegçiligi we howpsuzlyk, goranmak meýilnamalaşdyryşy we goranma býujetini döretmek, dil öwrenmek, lukmançylyk hyzmatlary we beýleki ugurlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen okuwlary girýär.
Raýatlyk adatdan daşary meýilnamalaşdyryşRaýatlyk adatdan daşary meýilnamalaşdyryş we tebigy betbagçylyk ýagdaýlarynda kömegiň sazlaşykly ýola goýulmagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hasaplanýar. Türkmenistan NATO-nyň agzalary bilen maslahatlaşyp,özüniň raýatlyk güýçleriniň mümkinçiliklerini we adatdan daşary tebigy we tehnogen ýagdaýlara jogap berýän serişdelerini ösdürýär. Şeýle hem, türkmen harby bölümlerini tebigy betbagtçylyklarda we heläkçiliklerde kömek bermek boýunça taýýarlaýar. Bu meýilnamalary kämilleşdirmegi we halas etmek operasiýalaryny gurnamagyň metodikasyny kämilleşdirmegi-de öz içine alýar. Şu maksada ýetmek üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň wekilleri NATO-nyň Oberammergaudaky Mekdebinde we NATO-nyň agzalaryna we PüH-e degişli beýleki guramalarda geçirilen okuwlara gatnaşdylar.
Ylym we daşky gurşaw
“Ylym Parahatçylyk we Howpsuzlyk üçin” (YPH) maksatnamasynyň çäginde Türkmenistan 8-den gowrak ylym we daşky gurşaw babatyndaky hyzmatdaşlyk taslamanyň grantlaryna eýe boldy. Olaryň içinde – Merkezi Aziýada radioaktiw howpy öwrenmek we Kaspi deňziniň günortasynda nebitiň dökülmegi we nebit hapalamasy töwekgelçilikleriniň öňüni almak grantlary bar.
Türkmenistan Wirtual Ýüpek Ýoly taslamasyna gatnaşýar, taslamanyň maksady - Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň uniwersitetlerine we ylmy guramalaryna internet ulgamyna girmek şertlerini hemra aragatnaşygy arkaly gowulandyrmakdan ybaratdyr.
Türkmenistan bilen aragatnaşyklar nähili ýaýbaňlanýar?
NATO-Türkmenistan aragatnaşyklary ýurduň Demirgazyk Atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşine (soňluk bilen, 1997-nji ýylda Ýewro-atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşi, EAHG) girmegi bilen 1992-nji ýylda başlandy. Türkmenistanyň 1994-nji ýylda “Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk” maksatnamasyna girmegi aragatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmeginde täze basgançak boldy. Onuň çäklerinde NATO-nyň we Türkmenistanyň bähbitleri gabat gelýän hyzmatdaşlyk ugurlaryň sany hem köpeldi.
Esasy tapgyrlary
1992 | Türkmenistan Demirgazyk Atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşine girýär. |
---|---|
1994 | Türkmenistan Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna goşulýar. |
1995 | Türkmenistan we NATO ýurduň ilkinji Özbaşdak Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny (ÖHM) tassyklaýarlar. |
2002 | Türkmenistanda PüH Raýatlyk adatdan daşary meýilnamaşdyryş sebit okuwlary geçirilýär. |
2003 | Türkmenistan Wirtual Ýüpek Ýoly maksatnamasyna goşulýar. |
2007 | NATO-nyň Baş Sekretary NATO-nyň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň täze Prezidenti bilen duşuşýar. |
Türkmenistan öz çäginde Russiýa-NATO Geňeşiniň Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň wekilleri üçin neşebentlige garşy göreş usullaryny öwretmek boýunça synag taslamasynyň çäginde instruktorlaryň Mobil toparyny kabul edýär. |