NATO we Türkmenistan sebitdäki howpsuzlyk we hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
27-nji oktýabrdan 30-njy oktýabra çenli NATO Türkmenistanyň Aşgabat şäherine sapara geldi we hökümet wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi. Mundan başga-da, wekiliýet ýurdumyzyň garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşdy. Şu sapar Türkmenistanyň döredilenden bäri agzasy bolan “Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk” atly maksatnamanyň 20 ýyllygynyň şanyna hem şöhratlandyryldy.
NATO-nyň Merkeziýa Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşygy boýunça işgäri Aleksandr Winnikow we NATO-nyň Ştab-Kwartirasynda Türkmenistanyň wekili Steffen Ýelgersma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Wepa Hajyýew bilen duşuşdy. Olar “Parahatçylyk üçin hyzmatdaşlyk” atly maksatnamanyň çäklerinde iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek baradaky meseleleri we umumy bähbit üçin bolan sebitdäki howpsuzlyk, şol sanda Owganystandaky we Ukrainadaky ýagdaý barada ky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
NATO-nyň wekiliýeti Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Prezidentiň Diwanhanasynyň, Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky toparyň we Döwlet serhet gorag gullugynyň ýokary wezipeli adamlary bilen duşuşyklary geçirdi we milli telewideniýäniň žurnalistleriniň soraglaryna jogap berdi.
NATO-nyň wekilleri BMG-nyň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), Merkezi Aziýa üçin Prewentiw Diplomatiýanyň Sebitdäki Merkeziniň (MAPDSM), Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilliginiň wekilleri, şeýle hem Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabat şäherindäki Merkeziniň işgärleri bilen hem duşuşdylar.
Soňra olar NATO-nyň Türkmenistandaky aragatnaşyk Ilçihanasy bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanasy tarapyndan guralan çärede NATO ýurtlarynyň Ilçihanalary üçin brifingi geçirdiler.
Aşgabat şäherindäki Halkara gatnaşyklar institutyna baryp gören wagtynda NATO-nyň wekilleri rektor we mugallymlar bilen jemgyýetçilik diplomatiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, wekiliýet Institutyň kitaphanasyna NATO-nyň iňlis, rus we türkmen dillerindäki neşirlerini geçirdi.
Links
English:
- http://www.mfa.gov.tm/en/news-en/2146-meeting-at-the-ministry-of-foreign-affairs-of-turkmenistan-with-a-representative-of-nato
- http://en.trend.az/casia/turkmenistan/2327765.html
Russian:
- http://www.mfa.gov.tm/ru/news-ru/2144-2014-10-29-13-06-17
- http://infoabad.com/politika/v-mid-turkmenistana-proshli-peregovory-s-predstavitelem-nato.html
- http://ca-news.org/news:1129443
- http://www.trend.az/casia/turkmenistan/2327753.html
- http://ru.haberler.com/russian-news-569439/
- http://vestnikkavkaza.net/news/politics/61586.html
- http://kant.kg/2014-10-30/turkmenistan-i-nato-obsudili-voprosyi-regionalnoy-bezopasnosti/
- http://news.rambler.ru/27568476/
- http://www.akipress.com/news:550520/
Turkmen: