Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň (DAYG) Merkezi Aziýada Aragatnaşygy Utgaşdyryjysynyň Edarasy

  • Last updated 17-Apr-2014 11:00

Aragatnaşyk we bilelikde hereket etmek boýunça NATO-nyň işgäri Merkezi Aziýa döwletleriň NATO bilen hyzmatdaşlygynyň gurallaryny Demirgazyk Atlantika bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk maksatnamalarynda kesgitlenen maksatlara goldaw bermekde artykmajy bilen ulanmaklaryny üpjün etmek maksady bilen olaryň döwlet edaralary bilen gönümel işleşýär.

Uly bolmadyk işgärler toparyň ýaedam etmegi bilen, aragatnaşyk we bilelikde hereket etmek boýunça NATO-nyň işgäri ýerlerde NATO-nyň diplomatik wekiliniň wezipesini ýerine ýetirip, NATO-nyň Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlary bilen goranmak boýunça meýilleşdirme we seljeriş, NATO-nyň hereketlerine ýardam etmek, harby okuw we taýýarlyk, adatdan daşary ýagdaýda graždan meýilleşdirme, ylmy we ekologik meseleler boýunça hyzmatdaşlyk, şeýle hem jemgyýetçilik diplomatiýasy ýaly dürli ugurlar boýunça iş ýüzünde bilelikde hereket etmegine kömek edýär. Şeýle hem aragatnaşyk we bilelikde hereket etmek boýunça işgär aragatnaşyk saklap, beýleki halkara subýektleri bilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň missiýalary, Ýewropada  howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Ýewropa bileleşigi we Gyzyl Haçyň halkara komiteti bilen işleşmegi sazlaşdyrýar.

Gazagstan aragatnaşyk we bilelikde hereket etmek boýunça NATO-nyň işgärini kabul eden Merkezi Aziýadaky hyzmatdaşlaryň birinjisi boldy. 2013-nji ýylyň mart aýynda bäri aragatnaşyk we bilelikde hereket etmek boýunça NATO-nyň häzirki işgäri Özbegstanda ýerleşip, onuň Býurosy diplomatik wekilhana hökmünde bellendi.

Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň (DAYG) Merkezi Aziýada Aragatnaşygy Utgaşdyryjysynyň Edarasy

Maksady

  • Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasyna Orta Aziýada wekilçilik etmek
  • Merkezi Aziýadaky hyzmatdaş dowletleriň arasynda dialogy we özara düşünişmäni güýçlendirmek
  • Parahatçylyk ugrundaky Hyzmatdaşlyk maksatnmasynyň çäginde praktiki hyzmatdaşlydy ýola goýmak.

Önünde durýan meseleleri

  • Özara düşünişmäni we hyzmatdaşlygy berkitmek üçin Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň, agza dowletleriniň we Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş döwletleriniň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak.
  • Merkezi Aziýanyň hyzmatdaş döwletlerine we Demirgazyk Atlantika Ylalaşyk Guramasyna her hyzmatdaş döwletine Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň (DAYG-yň) özbaşdak hyzmatdaşlyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde praktiki işleri güýçlendirmek üçin maslahat we kömek bermek.
  • Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasyna we agza döwletlerine Halkara Howpsuzlykda Kömek Güýçlerini (ISAF) tranzit meselelerinde goldamak.
  • Merkezi Aziýadaky hyzmatdaş ýurtlarynyň raýat jemgyýetlerini işe çekmek bilen halk diplomatiýa çärelerini geçirmek.
  • Merkezi Aziýada şu ulgamda başga hereket edýän halkara taraplaryň (ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň) işini utgaşdyrmak.
  • Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň (DAYG) we agza dowletleriniň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn taslamalaryny, çärelerini we iş saparlaryny ýola goymak.

Umumy guramaçylyk meseleleri boýunça maglumat

  • Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň (DAYG) Merkezi Aziýada aragatnaşygy utgaşdyryjy edarasy 2013-nji ýylyň iýul aýynda akreditlenip, 2013-nji ýylyň awgust aýynda işläp başlady.
  • Häzirki wagtda 4 adam işleýär:
  • Demirgazyk Atlantika Ylalyşyk Guramasynyň (DAYG) Merkezi Aziýada aragatnaşygy utgaşdyryjy işgär/edaranyň yolbaşçysy (Demirgazyk Atlantika Ylalyshyk Guramasynyň halkara howpsuzlyk güýçleriniň harby däl gullukçysy)
  • Tranzit boýunça utgaşdyryjy işgär (Latviýadan wagtlaýynça işe iberilen harby däl milli ekspert)
  • Ýerli Ýerine etiriji kömekçi (bir adam)
  • Ýerli Iş dolandyryjy kömekçi (bir adam)

Habarlaşmak üçin:
Halkara Täjirçilik Merkezi (11-nji gat)
107 B, Amir Temur Şaýoly
100084 Taşkent
Özbegistan Respublikasy
Telefon: +998 (71) 234 45 07
Faks: +998 (71) 234 72 07
Elektron poçta: NLOCentralAsia@hq.nato.int