Pikir

PDF Kitaphanasy

  • Sanjar 2007 - NATO
    Düşündiriji makala: Merkezi Aziýadaky Hyzmatdaşlar (.PDF/1201Kb)
Eng. / Fr. /
/ Ru. / Tuk.

NATO-nyň Türkmenistan bilen aragatnaşyklary

NATO-nyň Türkmenistan bilen aragatnaşyklaryna “Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk” maksatnamanyň çäklerinde seretmeli. Türkmenistan bu maksatnama 1994-nji ýylda goşulypdy. Türkmenistan hemişelik bitaraplyk syýasatyny berjaý edip, öz ýaragly güýçlerini we infrastruktura desgalaryny NATO-nyň baştutanlygynda amala aşyrylýan operasiýalarynda ulanmaga bermeýär.

Emma, NATO bilen Türkmenistan howpsuzlygy üpjün etmek, ylym we daşky gurşaw bilen bagly hem-de beýleki ugurlar boýunça işeňňir hyzmatdaşlygy amala aşyrýarlar. NATO bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk maksatnamasy Özbaşdak Hyzmatdaşlyk Maksatnamasynda (ÖHM) beýan edilýär.

Hyzmatdaşlyk tejribede nähili amala aşyrylýar? 

Gepleşik ýewro-atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (EAHG) çäklerinde geçirilýär. NATO-nyň Baş sekretarynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Robert F. Simmons Türkmenistana wagtly-wagtynda sapara barmak arkaly ýurduň häkimiýeti bilen ýokary derejedäki syýasy gepleşikleri alyp barýar. Şeýle hem, NATO-nyň Merkezi Aziýadaky Aragatnaşyk we Arkalaşyk boýunça işgäri-de wagtly-wagtynda Aşgabada gelýär we hökümet bilen hyzmatdaşlygy gözden geçirýär.

NATO bilen Türkmenistan ýurduň Özbaşdak Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyndan (ÖHM) ugur alyp dürli ugurlardaky amaly hyzmatdaşlygy ösdürýärler. Türkmenistanyň NATO bilen hyzmatdaşlygy Türkmen wekillerini NATO-nyň we Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk (PüH) maksatnamasynyň meseleleri bilen tanyşdyrmaga hem-de serhet gözegçiligi we howpsuzlyk, raýatlyk adatdan daşary meýilnamalaşdyryş, goranmak býujetini döretmek we goranma bölümlerini dolandyrmak işleri boýunça arkalaşygy güýçlendirmäge gönükdirilendir. Türkmenistan Russiýa-NATO Geňeşiniň Owganystanyň we Merkezi Aziýanyň kadrlaryny neşebentlige garşy göreş tärlerini öwretmek boýunça synag taslamasyna hem işeňňir gatnaşýar.

Has takygy.…

Türkmenistan bilen aragatnaşyklar nähili ýaýbaňlanýar?

NATO-Türkmenistan aragatnaşyklary ýurduň Demirgazyk Atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşine (soňluk bilen, 1997-nji ýylda Ýewro-atlantik Hyzmatdaşlyk Geňeşi, EAHG) girmegi bilen 1992-nji ýylda başlandy. Türkmenistanyň 1994-nji ýylda “Parahatçylyk üçin Hyzmatdaşlyk” maksatnamasyna girmegi aragatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmeginde täze basgançak boldy. Onuň çäklerinde NATO-nyň we Türkmenistanyň bähbitleri gabat gelýän hyzmatdaşlyk ugurlaryň sany hem köpeldi.

Has takygy...